[go: up one dir, main page]

Mazmuna geçiň

Platon

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Hakyky ady: Aristokl

Doguldy: b.e.öňki 427 (428) ý. Gadymy Gresiýa Afiny

Öldi: b.e.öňki 347 (348) ý. Gadymy Afiny

Ýurdy: Gadymy Afiny

Gyzyklandy: Metafizika, Epistemologiýa, Etika, Estetika, Syýasat, Filosofiýa, Matematika.

Döwürdeş alymlary: Sokrat, Arhit, Demokrit, Parmenid, Pifagor, Geraklit.

Platon miladydan öňki 427-nji ýylda Gresiýanyň Afina döwletinde, Afina şäherinde dogulýar. Hakyky ady Aristokles bolupdyr diýlip hasap edilýär. Eginlek bolandygy üçin oňa Platon (Πλάτων一Plátōn) lakamyny beripdirler. Ol gadymy Ýunan (grek) ýurdynyň klassik filosofy, matematigi we günbataryň ilkinji ýokary okuw jaýy bolan Afinanyň akademiýasynyň gurujysy. Demokratik düşünjesiniň goraýjysy bolupdyr. Yslam dünýäsinde we türkmenleriň arasynda Platona Eflatun diýlipdir. Platonyň mugallymy Sokrat we okuwçysy Aristotel bilen birlikde ylym-bilimiň we günbataryň pelsepesiniň başlangyçlary hasap edilýärler. Sokrat hakyndaky maglumatlaryň köpüsini Platondan öwrenildi. Platonyň pelsepesinde 5 sany teoriýa jemlenipdir. Bular «belgi,maglumat», «ideal, many, mantyk», «ruhuň bakylygy», «Kosmogoniýa (Cosmogony)», «Döwlet (Döwlet bilen baglanyşykly, döwlet döretmek, gurluş basgançaklary)» Platon ömri boýunça mugallymy Sokratdan alan paýhasy, ylymy bilen ahlakly-päk adama öwrülipdir. Sokrat we Platonyň pikiriçe pelsepäniň başlangyjy adamynyň ruhybelentligi, şatlygy we düşünjesi bolupdyr. Şeýle hem gowy durmuşda ýaşamak, gaýduwsyz bolmak hem gerekdir. Platon elli ýyllap şol teoriýany açyklamagyň pikirini edipdir. Onuň dünýägaraýşy giň bolupdyr. Platon miladydan öňki 347-nji ýylda dünýeden ötdi.

Platonyň idealistik (howaýy) psihologiýasy

[düzet | çeşmäni düzet]

Platon obýektiw idialistik akymyň düýbini tutýar. Onuň pikiriçe, ideýa- hemişelik göze görünmeýär, özbaşdak, islän zadyňa öwrülip bilýär. Material dünýä döredilýär, ýaşaýar, ölüp ýok bolup gidýär. Ideýa bilen zatlar deň derejeli zatlar däldir. Bu ýerde, ruh başlangyç bolup çykyş edýär. Ruh ilki ýüze çykmak bilen, ten bilen birikde bar zatdyr. Tebigatyň ruhy bilen, ideýanyň ruhy dogandyr. Ruh öz tebigaty boýunça ýokarda durýanlygy üçin beden onuň diýenini etmeli, hereketlerini şonuň tebigatyna laýyk amala aşyrmaly. Platon ruhy 9 razrýada bölýär şolaryň hersi bir adama gabat gelýär. Ruh bilen bedeni deň derejede ösdürmegi ündeýär. Ruh hakyndaky meseleleri özüniň ―«Döwlet», ―«Fedre» traktatlarynda ýazyp beýan edýär. Adamda bar bolan ruhyň 3 sany başlangyjy bar: 1.Iň aşakysy ruh ol haýwanlayňka meňzeş, şol ruhy bolanlar öz beden isleglerini kanagatlandyrmaga ymtylýarlar, kanagatlanmany duýýarlar. Şu başlangyçda adam suwsuzlygy, açlygy, söýgini duýýar. Ol adamyň ruhyň köp bölegini tutýar. 2.Aňly derejesi alýana). 3. garşylyk görkezmek (lezzet Gazaplanmak (ýarostnyý) ruh –adamyň bir bölegi bolup diňe üstin çykmaly kyn hem bolsa ýeňmeli diýen, ýa-da ölmeli. Şu üçisi-de biri-biri bilen deňagramlylyk saklamaly. Adam ölenden soňra onuň ruhy bedene jogap berýär. Platonyň ruh hakyndaky, garaýyşlarynda duýma aýratyn orun berilýär. Duýgynyň sanawuna: gorky, gahar, gam, söýgi, göriplik, isleg, bahyllyk. Ol duýgyny 2 bölýär:

1. Aşakgy duýgular –bedeniň talaplaryny kanagatlandyrmak.

2. Ýokarky duýgular –gözellik hem akyl iş bilen meşgullanmak degişlidir diýip belleýär.

m.ertir.com/index.php?q=blog&view=128214