[go: up one dir, main page]

Mazmuna geçiň

Dodurga

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Umumy maglumatlar

[düzet | çeşmäni düzet]

Orta asyrlarda 24 türkmen taýpasynyň biriniň, häzir bolsa gökleňleriň iki uly bölüminiň biriniň ady bolan do: durga sözi (o sesi uzyn aýdylýar) Mahmyt Kaşgaryda Tutyrka (tuwtyrka), beýleki ähli çeşmelerde dudurga görnüşinde ýazylypdyr. Mahmyt dodurgany 24 taýpanyň içinde 16-njy, Reşidetdin 10-njy, Salar baba 11-nji, Ýazyjy-ogly we Abulgazy bolsa 7-nji orunda goýýar. Reşidetdin dodurga sözüni Oguz hanyň Aýhan diýen oglunyň 2-nji, Abulgazy 3-nji, Salar baba bolsa Ýyldyz han diýen oglunyň üçünji perzendiniň ady we ondan önen il hasaplaýarlar, adyň manysyny «mülk tutup, ýasamyş kylmak» (ýagny «ýurt alyp, ony saklamany başarýan») diýip düşündirýärler. Ylmy nukdaýnazardan beýle düşündiriş maňzyňa batmasa-da, bu adyň manysy barada häzirlikçe başga delil ýok. G. I. Karpow dodurgalaryň köp böleginiň seljuklar hereketi döwründe Türkiýanyň Anadoly welaýatyna we Ermenistanyň günortasyna gelip, ýurt tutunandygyny belleýär.

Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmenleriň nesil daragty) Aşgabat «Turan一1» 1994. sah 136.