Gadymy Hindistan
Gadymy Hindistan.
1.Hindistan öz tutýan meýdany we ilatynyñ sany boýunça baryp gadym zamanlarda hem Aziýanyñ iñ iri döwletleriniñ biri bolupdyr.
Hindistan Günorta Aziýanyñ Dekan (ýa-da Hindistan) ýarym adasynda we materigiñ bir böleginde ýerleşýär. Ol Demirgazykda Gimalaý dag ulgamy , gündogarda Hindihytaý ýurtlaryndan , günbatarda Eýrandan bolsa juda beýik bolmadyk, ýöne gçmişi kyn daglar arkaly bölünýär. Hindistan ýarym adasynyñ kenarlaryny günortada Hind okenanynyñ , günbatarda Arap deñziniñ , gündogarda Bengal aýlagynyñ suwlary ýuwýar.
Hindistanyñ geografiki aýratynlyklary onda ýaşaýan halklaryñ daşarky dünýä bilen aragatnaşyklaryny kynlaşdyrypdyr.
Hindistan ýarym adasynyñ merkezini Dekan tekiz daglary tutýar. Bu tekiz daglyk günbatardan gündogara tarap peselýär. Şonuñ üçinem Günorta Hindistanyñ ähli iri derýalary gündogara akýar. Materik Hindistany Tar çöli arkaly bölünýär. Demirgazyk Hindistanyñ günbatar böegi – Penjabdyr (bäş derýa), ýagny bäş iri derýa we olaryñ goşulyp emele geitrýän Hind derýasynyñ jülgesidir. Bu ýerde klimat gurak Şonuñ üçinem suwarmak zerurlygy ýüze çykýar. Demirgazyk Hindistanyñ gündogarynda Gang derýasynyñ jülgesi ýerleşýär. Gadym zamanlarda ol ýerler gür tokaýlyk bolupdyr. Gangyñ aşak akymlarynda çygly klimat bolmany üçin şaly, zygyr, şekerçiñrik ýaly ösümlikleri suwarmazdan ösdürilip ýetişdirilipdir.
Umuman, Hindistanyñ tebigaty dürli – dürlidir. Bu ýerde dünýäniñ iñ beýik daglary-da , ägirt uly düzlükler – de, musson ýagyşly ýerler we çöllük ýerler-de , sähralar we geçip bolmaýan jeññeller-de, ekwator klimatly ýerler we hiç wagt gary eremeýän beýik daglyklar-da bar.
Hindistanyñ baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Ol ýerde zebu öküzlerini , buýwollary, pilleri we ş.m. haýwanlary eldekileşdiripdirler. Iñ gadymy ekerançylyk Hind we Gang derýalarynyñ jülgelerinde bolupdyr. Hind derýasynyñ jülgesinde we Gangyñ ýokarky akymlarynda suwarymly, galan ýerlerde bolsa, ekerançylyk ýagyşa bagly bolupdyr. Günorta – Günbatar mussonlary Oguz , Gorkut aýlarynda köp ýagyş getiripdir. Şolar bolmasa guraklyk başlanýar eken.
Haty. Hindistan ilatynyñ sany boýunça dünýäde ikinji orunda durýar. Gadym zamanda hem ol gür ilatly bolupdyr. B.e.öñ V asyrda ýaşan grek taryhçysy Gerodot, gadymy hindi edebiýatynyñ ýadygärlikleri hem onuñ köp ilatly bolandygyny habar berýärler. Hindistanyñ ilaty etniki taýdan dürlüdir. Demirgazyk – günbatar Hindistanyñ ilaty Eýranyñ we Orta Aziýanyñ ilatyna çalym edýär. Günortanyñ ilaty olara gärä garaýagyzdyr. Hindistanyñ ilaty köp dillerde gepleýär. Bu diller esasan iki topara degişli edilýär. Hindiýewropa we drawid. Birinji topar ýurduñ köp böleginde ýaýran. Ikinji topar ýarymadanyñ günortasynda ýaýrapdyr. Bu ikisiniñ esasynda sanskrit edebi dili emele gelipdir. Hindistanyñ iñ gadymy ilaty drawid dillerinde gepläpdirler. Hindiýewropa dil toparynda gepleýän ilat Hindistanda b.e.öñ II müñýyllykda peýda bolýar. Olar özlerini “ariler” diýip atlandyrypdyrlar. Arileriñ nireden gelendigi we Hindistana nähili aralaşandyklary barada dürli çaklamalar bar. Ýöne bu sowallara anyk jogap bermek entek mümkin däl.
2.Gadymy Hindistanyñ taryhy boýunça çeşmeleriñ köpüsi ýok bolupdyr. Sebäbi olar gadymy hindi edebiýatynyñ eserlerini berýoza gabygyna ýa-da palma ýapraklaryna ýazypdyrlar. Olar bolsa çygly klimat ýa-da ýangyn zerarly ýok bolan . Diñe daşyñ ýüzüne ýazylan az sanly tekstler gelip ýetipdir.
Hindistanyñ taryhynyñ esasy çeşmeleri bolup Wedalar, Makabharata, ramaýana hyzmat edýär.
Wedalar gimnleriñ , aýdymlaryñ , sadakalaryñ we magiki formulalaryñ ýygyndysydyr. (Rigweda, Samaweda, Ýadžurweda, Atharwaweda). Uledalaryñ irki bölümleri b.e.öñ II müñýyllygyñ ortalaryna, gutarnykly ýazgysy b.e.öñ golaý wagtlara degişlidir.
Mahabharata we Ramaýana poemalaryñ edebi gymmatlygy we taryhy ähmiýeti Gomeriñ poemalarynyñky ýaly ýokarydyr. Bularyñ awtorlary Waýasa we Walmikanyñ atlary saklanyp galypdyr. Bu poemalar gadymy Hindistanyñ b.e.öñ I müñýyllygyñ I ýarymyna degişli taryhy we medeniýeti barada möhüm çeşmelerdir.
Bulardan başga-da hukuk ýadygärligi bolan “Manunyñ kanunlary” ýygyndysy ( b.e. öñ III a – b.e. öñ III asyrlarda düzülen), Arthaşastra (döwleti dolandyrmak baradaky ýazuw ýadygärligi), patyşa Aşokiniñ (b.e.öñ III a) gaýanyñ ýüzündäki ýazgylary , Gerodotyñ ( b.e. öñ V a), Arrianyñ (b.e.öñ II a) eserleri we maddy medeniýetiñ ýadygärlikleri gadymy Hindistanyñ taryhy boýunça möhüm çeşmelerdir.
Taryhnamasy. Hindistanda sanskrit dili ýatdan çykarylmandyr. Onda ýazylan eserler nesilden – nesle geçip gelipdir. Ýewropalylar üçin Hindistan uzak ýyllaryñ dowamynda nämälim bolup[ gelipdir. Kä wagtlar Marko Polo (XIII a) ýa-da Afanasiý Nikitin (XIV a) ýaly syýahatçylar bu taýa gelip görüpdirler we ýurduñ tebigaty, ilatyñ durmuşy we medeniýeti barada gyzykly gürrüñleri, maglumatlary beýan edipdirler.
XVIII asyrda Hindistan Angliýa tarapyndan basylyp alnansoñ ýadykärlikler öwrenilip başlanýar. Iñlis barlagçysy U.Jons gadymy hindi ýazuw ýadygärliklerini sanskritden iñlis diline terjime edýär.
XIX asyrda Hindistanyñ dilleri ýewropaly lingwistler tarapyndan özleşdirilip başlandy.
Ýewropaly we ABŞ-ly alymlaryñ bir toparynyñ arasynda arileri has medeniýetli, grawidlerden ýokary jyns hökmünde görkezýän “ariler teoriýasy” diýen çaklamany goldamaklyk bolup geçýär. Ýöne drawidleriñ ariler entek gelmänkä ösen medeniýetiniñ bolandygyny Penjapda we Sindde bolan arheologik açyşlar subut etdi.
3.Hindistanda ikinji swilizasiýalar b.e. öñ III-II müñýyllyklarda Hind derýasynyñ jülgesinde döräpdir. Olaryñ esasy merkezleri bolan şäherleriñ galyndylary häzirki Harappa we Mohenjo-Daro etraplarynda tapylýar. Bu döwürde ýaşan hindileriñ ata-babalarynyñ esasy kärleri ekerançylyk, soñra maldarçylyk bolupdyr. Olaryñ zähmet gurallary daşdan, misden we bürünçden ýasalypdyr. Harappa we Mohenjo – Daroda binagärlik sungaty ýokary derejede ösüpdir. Şäherleriñ göni köçeleri , bişen kerpiçden edilen ikigat jaýlary, guýulary, kanalizasiýasy, ýuwunmak üçin otaglary bolupdyr. Bu şäherlerde sungat ösüpdir. Hat – ýazuw bolupdyr. Ýöne olary okamak entek başardanok.
B.e.öñ II müñýyllygyñ ortalarynda gadymy hindi döwletleri, olaryñ medeniýeti pese düşýär. Onuñ sebäpleri doly anyklanylanok. Bu şäherleriñ pese gaçyp başlanmagynyñ ilkinji alamatlary Lothalada (deñiz söwdasynyñ merkezi) ýüze çykarylyp, onuñ wagty b.e.öñ XIX asyr diýlip kesgitlenilýär. Onuñ pese gaçmagy Nil şäherleri bilen aragatnaşygy kesilensoñ , b.e.öñ XVIII – XVII asyrlarda has-da güýçlenipdir.
Arileriñ Hindistana aralaşmaklary parahatçylykly ýagdaýda bolmadyk hem bolsa, olaryñ bu ýere gelmegini öñki şäherleriñ pese düşmeginiñ esasy sebäbi hökmünde görkezmek bolmaýar.
B.e.öñki XV-VI asyrlara Hindistanyñ taryhynda “Wedalar döwri” diýilýär. Bu döwrüñ taryhy , esasan, şahyrana eserler bolan Wedalar, Mahabharata , Ramaýana esasynda öwrenilýär. Bu döwürde Gang derýasynyñ ýokary we orta akymlary uly ähmiýete eýe bolupdyr. B.e.öñ II we I müñýyllyklaryñ sepgidinde demirden peýdalanylyp başlanmagy bilen ekerançylyk derýalaryñ jülgesinden has uzaklara ýaýrapdyr.
Bu döwürde emläk deñsizligi güýçlenýär we gullaryñ sany artyp başlaýar, kem-kemden urug – taýpa gurluşyndan döwlet guramalaryna geçilýär. Hindistanda begzadalaryñ we žresleriñ döremegi bilen “warnalar” emele gelipdir. (Brahmanlar, kşartiler, waýşiler, şudralar).
B.e. öñ Vi asyrda Demirgazyk Hindistanda 16 sany uly döwlet bolan. Olaryñ esasylary: Anga, Wideha (Wriji), Magadka, Kaşi, Kaşala, Watsa, Pançallaryñ döwleti, Kuru, Malwa we ş.m.
Ykdysadyýetiniñ ösmegi, gul eýeçilik gatnaşyklaryñ berkemegi, sosial garşylyklaryñ ýitileşmegi has iri syýasy birleşmeleriñ zerurlygyny ýüze çykarypdyr. B.e.öñ VI asyryñ ortalarynda Magadha patyşa Bimbisazanyñ döwründe güýçlenýär we beýleki döwletleri özüne tabyn edýär.
Günbatar Hindistanda döwletleriñ dagynyklygy uzak wagtlap saklanýar we bu ýagdaý ilki Ahemeniler döwletiniñ (b.e. öñ VI a), soñra Aleksandr Makedonskiniñ (b.e. öñ IV a) olary basyp almaklaryny ýeñilleşdiripdir.
Hind derýasynyñ kenarlarynda grek – makedon basybalyjylaryna garşy göreşe döwlet işgäri Çandragupta baştutanlyk edýär. Ol Magadkada häkimýeti basyp alan nandalar nesilşalygynyñ soñky wekili Dhan Nandanyñ gullugynda bolup, soñra onuñ gazabyna duçar bolýar. Ol Penjaba gaçyp, o taýda Aleksandr bilen duşuşýar.
Çandragupta Magadkä ýöriş gurap, Dhan Nandany tagtdan düşürýär we özüniñ mauriler nesilşalygyny esaslandyrýar. Mauriler döwletiniñ paýtagty Pataliputra şäheri bolýar. Çandragupta Aleksandryñ mirasdarlarynyñ biri bolan Selewkiñ gyzyna öýlenýär. Hind derýasynyñ jülgesinden grek-makedon goşunlary çykarylýar. Hind jülgesine ýanaşyan daglyk ýerler hem Mauriler döwletine birleşdirilip günbatar serhetler berkidilýär.
Çandraguptanyñ nesilleri basybalyjylykly syýasaty dowam edýärler. Onuñ agtygy Aşoki günorta Hindistanda Kalinga patyşalygyny boýun egdirýär. Mauriler döwleti iñ günorta çetden başga ähliýerleri öz içine alýar. Onuñ ykdysadyýetinde ep-esli öñegidişlik duýulýar. Suwarymly ekerançylyk giñ ýaýraýar, ýylda iki hasyl alynýar. Şäher durmuşy, senetçilik, söwda, teñneleri zikgelemek ösýär.
B.e. I asyrynda Kuşan döwletiniñ patyşasy Kadfiz II (47-78 ýý) demirgazyk hindi döwletleriniñ ençemesini basyp alýar. Onuñ mirasdary Kanişka pataliputra çenli Hindistanyñ jümmüşine aralaşýar. Kanişkanyñ döwründe Kuşan döwleti iñ ösen derejesine ýetýär. Kanişkanyñ tagta çykan ýylyndan ýyl hasaby ýöredilip, ol bütin orta asyrlaryñ dowamynda hem saklanýar. Oña Hindistanda “çak eýyamy” diýilýär. Kuşanyñ paýtagty Purusapura (Peşawar) şäheri bolan III asyryñ 30-njy ýyllarynda Kuşan döwleti pese düşýär. IV asyryñ I ýarymynda Magadka ýene-de iri döwlet birleşmesiniñ merkezi bolýar. Bu ýerde Hindistanda iñ soñky iri gul eýeçilik döwleti – Guptalar döwleti emele gelýär. Ony Çandragupta I (320-330ý) esaslandyrýar. Bu döwletiñ iñ ösen kuwwatyna ýeten döwri patyşa Çandragupta II Wikramaditýeniñ (380-414) dolandyran wagtydyr. Onuñ häkimýeti Bengal aýlagyndan Arap deñzi aralygynda ýaýrapdyr.
V asyryñ ortalarynda Guptalaryñ döwletine eftalitleriñ çozuşlary güýçlenýär. Ýurt pese düşýär. V asyryñ ahyrynda olaryñ häkimýeti diñe magadha bilen çäklenipdir.
4.Hindistanda dini ynançlar iñ gadymy döwürlerden bäri möhüm rol aýnapdyr. Wedalar eýýamynda dini ynançlar birnäçe döwri başdan geçirýär.
Irki döwürde dürli güýçlere we tebigy hadysalara çokunypdyrlar . Janly güýç hökmünde kabul edilen ähli zatlar hudaýlaşdyrylypdyr. Meselem: asman hudaýy – Diaus, ýeriñ aýal hudaýý – Prithwi. Soñra olaryñ ýerini Waruna we Indra eýeleýär. Hudaýlary adamyñka meñzeş häsiýetlerde göz öñüne getiripdirler. Olary ölýän hasaplapdyrlar. Älem üç dünýäden (“triloka”) – ýerden, howa giñişliginden, asmandan durýar diýip hasaplapdyrlar.
Giçki wedalar döwründe Waruna, Indra, Surýanyñ ýerine, Şiwa, Rudra, Wisna gelýär. Bu döwürdäki düşünjelere görä ýerdäki ähli janly zatlar göwreden we jandan durýar. Älemden daşarda ýaradyjy – Brahman bar. Adam tä ähli ýetmezçiliklerinden saplanýança onuñ jany täze dünýä inýän göwrede dogulýar. Adamyñ ykbalyny onuñ işleri (karma) kesgitleýär. Adam bütin ömründe “mokşany” ýatdan çykarmaly däl Mokşa – “dogulmazlyk we ölmezlik” ýagdaýy bolup, oña ýeten adamyñ ruhy ählumumy ruha goşulýar we onuñ bir bölegine öwrülýär. Brahmançylyk irki gul eýeçilik jemgyýetiniñ dini bolup, ösen gul eýeçilik jemgyýetiniñ döwründe buddizm dini ýüze çykýar. Buddizm dininiñ döreýşi şazada Siddharthanyñ (b.e.öñ 560-480ý) ady bilen baglanyşyklydyr. Buddizm dininde adamyñ halas bolmagy , ýagny nirwana derejesine ýetmegi, onuñ özüne, isleglerini ýok edip bilşine bagly bolupdyr. Žresler , sadakalar hökman bolmandyr. . Buddizm jemgyýeti ikä bölýär: erkin adamlar we gullar. I toparyñ halas bolmak üçin hukuklary deñ, gullarda bolsa beýle hukuk ýok, sebäbi olar şahsy garaşlylygy üçin erkin hereket edip bilmeýärler.
Žresler buddizme duşmançylykly garapdyrlar. Mauriler döwleti buddizmi goldapdyr. Aýratynam b.e. öñ III asyrda patyşa Aşoki buddizmiñ ýaýramagyna , budda monastyrlarynyñ guralmagyna we ş.m. uly ýardam beripdir.
Jaýnizm dini hem buddizm bilen döwürdeşräk ýüze çykýar. Ony esaslandyryjy Wardhomana Mahawiranyñ terjimehaly hem Buddanyñka meñzeş bolup, 12 ýyllyk terkidünýälikden soñ ol Jina – ñiji bolýar. Jaýunizm sözi hem şondan gelip çykýar. Jaýunizmiñ buddizmden tapawudy – janyñ bakylygy, nirwanadan soñ jan (ruh) öçmeýar-de baky eşrete ýetýär. Diñe samsyk ýaşaýyş – şer hasaplanýar. 5.B.e. başlaryna çenli gadymy hindi lirikasynyñ eseri – Wedalar we eposlary – Mahabharata we Ramaýana gutarnykly görnüşe gelipdir we ýazga geçirilipdir . Seýle hem halk basnýalarynyñ ýygyndysy - Pançatantra (Bäş kitap) peýda bolýar.
Hindistanda dürli filosofiki mekdepler bolupdyr. Astranomiýa we matematika (hasabyýet) ösýär. Gün kalendary düzüli, onda 360 gün bolan. B.e. ön V-VI asyrlarda hindi alymlary ýeriñ şar şekillidigini , dartyş kanunyny, ýeriñ öz okunyñ daşyndan aýlanýanyny bilýän ekenler. Baryp b.e. öñ III-II müñýyllyklarda Hind derýasynyñ jülgesinde hasaplaýyşyñ onluk ulgamy emele gelipdir. Diñe hindilerde nuly añladýan belgi bolupdyr. Arap sifrleri aslynda gadymy hindileriñki ekeni.
Hindi himikleri kükürt, duz we azot kislotalaryny alypdyrlar. Hekimler keselleri ulgamlaşdyrmaga çalyşypdyrlar.
Hindistanda dilleriñ köp bolmagy filologiki barlaglary talap edipdir. B.e. öñ V-IV asyrlarda ýaşan alym Brahman Panini “arassalanan” edebi diliñ (sanskritiñ) grammatikasyny döredýär. Hindi arhitekturasynda gümmezli jaýlar (stuplar), gowak ybadathanalary, monastyrlar möhüm ýadygärliklerdir.
B.e. V asyrda Hindistanda beýik dramaturg kalidasa ýaşapdyr. Onuñ has meşhur dramasy “Şakuntala” diýlip atlandyrylýar. Hindi medeniýeti Merkezi we Gündogar Aziýa ýurtlaryna uly täsir edipdir.