[go: up one dir, main page]

Mazmuna geçiň

Marguş - Margiana

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Taryhy derňewleriň netijesinde türkmeniň milli taryhyny täze maglumatlar bilen baýlasdyrmaga mümkinçilik    gazanyldy. Türkemenistanyň  günortasynda Margus medeniýet merkeziniň öwrenilmegi, Türkmenistanyň dünýä medeniýet ojaklarynyň biridigini subut etdi.
Seýle-de bolsa ady rowaýata öwrülen, gadymy grek taryhçylarynyñ atlandyrysy ýaly Margianada-gadymy Margusda geçirilen gazuw agtarys isleriniñ netijesi dünýä ýene-de bir türkmen medeni merkezi barada habar berdi. Bu ýerde arheologlar täze we gadymy gündogar äheñindäki medeniýetiñ bolan täze ýurduny açdylar. Ýerli  taýpalaryñ medeni añ-derejesiniñ ösüşiniñ ýokary derejede bolandygyny tassyklaýan argeologiýa gözlegleriniñ maglumatlary dünýä alymlaryna Müsür, Messopotamiýa, Hytaý we Hindistan ýaly  dünýä medeni merkezleriniñ dördüsi bilen hatarda ýene-bäsinji örän gadymy Merwiñ bolandygyny tassyklamaga mümkinçilik berdi.

1903-nji ýylyñ Dekabr aýynda Pampelliniñ ýolbasçylygynda amerikan arheologlary agyr kerwen düzüp, Garaguma geldi, emma ol Margianany tapyp bolmän, 1904-nji ýylda Anew medeniýetiniñ üstüni açdy. Ondan soñ SSSR Ylymlar Akademiýasynyñ Arheologiýa institutynyñ «Margiana» ekspedisiýasy gazuw islerini geçirdi. Bu topar taryh ylymlarynyñ doktory, professor Wiktor Iwanowiç Sarianidiniñ ýolbasçylygynda 1972-nji ýyldan bäri Murgap derýasynyñ asak akymynda Margus döwletiniñ gözlegini alyp bardy.

Sarianidiniñ arheologiýa  toparynyñ tutanýerli gözleg isleri netijesinde gadymy Margus döwletiniñ mesgeni tapyldy. Ol Baýramaly säherinde ýerlesen Goñur depe obasynyñ çäginden tapyldy.

1991-nji ýyldan 2001-nji ýyl aralagynda Sarianidiniñ ylmy ýolbasçylygyndaky türkmen kärdesleri bilen bilelikde Wenesiýada ýerlesen Legabuýe ylmy-barlag merkezinden bolan Italýan hünärmentleri hem professor Gabriel Rossi-Osmidanyñ ýolbasçylygynda Margianadaky ýadygärliklerde gazuw-agtarys islerini geçirdiler.

Mary welaýatynda geçirilen arheologiki isleriñ netijesinde gadymy Merw säheriniñ galyndysy Erk gala hasaplanýardy, onuñ wagty 2,5 müñ ýyla barabar. Emma Margus öwrenilenden soñ, onuñ wagtynyñ Erk galadan has irkidigi kesgitlenildi. Margusdan ön bu ýerler pars kitaplaryndaky ýazgylara görä Mauri - «bolçulyk ýer» diýip atlandyrylan, oña ýerli ilat bolsa kuwwatly, keramatly, hak ýer diýen many beripdir, bu ýer bol suwly, hasylly bolupdyr. Margusyñ ady biziñ eýýamymyzdan öñ IV asyrda grek serkerdebasysy Aleksandr Makedonskiniñ (Iskender Zulkarnaýyñ) gosunynyñ Merwi basyp alyp, onuñ ozalky adyny grekçelesdirip, Margiana ýa-da Margiana Aleksandriýasy diýip atlandyrylypdyr. Emma Aleksandr Makedonskiniñ özi bu töwerekde bolmandyr.

Biziñ eýýamymyzyñ I asyrynda ýasan Strabonyñ Margiana barada ýazyp galdyran belligi Mukaddes Ruhnamada öz beýanyny tapdy: «Çöller bilen gursalan oazis Marg derýasy bilen suwarylýar. Margiananyñ ýerleri örän täsin, ol ýerde bitýän üzümler örän ajaýyp, olaryñ her hosasy iki tirsek boýuna çenli ýetýär. Bu üytgesik mes toprakly oazisi goramak üçin Antioha, Soter onuñ dasyna ini 5,2 metr bolan, uzynlygy 250 kilometre ýetýän beýik haýat aýlady».

Murgabyñ akymynyñ ugruna ilkinji göçüp gelenler oturymly ekerançylar bolupdyrlar. Margusdan tapylan küýze tapyndylarda saklanyp galan önüm ýokundylary, olardaky sekiller bu ýerde ekerançylygyñ we çarwaçylygyñ bolandygy hakynda maglumat berýär. Göñurdepe ybadathanalarynda tapyban howuzlaryñ we beýleki suw desgalarynyñ bolmagy, bu ýerde suw geçirijileriñ gurlup, säherden sor, ýagys suwlarynyñ çykarylandygyna, howuzlarda köp mukdarda suw saklanandygyna saýatlyk edýär.

Gazyp-agtarys isleri netijesinde Margianada bürünç zamanasynda gülläp ösen ýurduñ sungatynyñ we senetçiliginiñ ösendigine subutnamalar köp tapyldy. Bu ýerde demri eretmegi hemde sozmagy basarypdyrlar, misden, bürünçden, altyndan we kümüsden sünnälenen möhürleri, kosmetiki abzallary, saý-sepleri, dini öwseleleri ýasapdyrlar. Süñki we dasy ussatlyk bilen ýonupdyrlar, küýzeçärliligi kämil ele alypdyrlar.

Margus ýurdunyñ ähli oturymly ýerlerinde küýzegär tañsytçylaryñ küreleriniñ galyndylary tapyldy. Küreleriñ gurlusy: ýerde göniburçly ýa-da uzyn çukur gazylyp, onuñ içi çig kerpiç bilen özülen. Küräniñ desikleri bolup, olardan odun salypdyrlar, onuñ ýerliginde kürekler bolupdyr, olaryñ üstüne bisiriljek önümler goýlupdyr. Gap-gaçlar taýýarlananda ot bilen göni galtasmaýar, netijede olar jaýrylmaýar we gurumlamaýar. Geñ ýeri, Küýzegärlik senediniñ gadymy ussatlary gap-gaçlary tutawaçly ýasamandyrlar, küýzeler nagyslar bilen hem az bezelipdir. Küýzegärler ähli ünsini çylsyrymly görnüsleri oýlap tapmaga siñdiripdirler. Küýzelerde sahsy möhürler çekilipdir, awlaglary, naýzany, peýkamly ýaýy gödeñsi sekillendiripdirler. Güldanda sekiz söhleli ýyldyzjyklaryñ dokuzysy çyzylypdyr.

Demirçiler naýzalar, dürli paltalary, altyn saý-sepleri ýasapdyrlar. Bir mazardan aradan çykanyñ boýnundan asylan altyn monjuk tapyldy, sondan ýylanyñ kinniwanja kellesi sallanyp dur, ol örän nepislik bilen ýasalypdyr.

Goñurdepede tapylan tapyndylar bu ýerde zergärçiligiñ has ösendigini görkezýar. Dürli adam we haýwan sekilli heýkeljagazlar, saçdurtgüçler, iññewaçlar tapyldy.

Margus ýurdy daglardan örän alysda ýerlesse-de ýerli das ýonujylar çig mal ýetmezçiligini çekmändirler. Ak mermer kysymly dürli önümler, alebastr, gyzyl hakyk, agat, gök lazurit we mawy pöwrize ýaly daslar peýdalanylypdyr. Bu daslar alyslardan getirilipdir.

Margusda añ-bilim bolandygyny arheolog-alymlar subut etdiler. Bu ýerde ulaýtada binagärçiligiñ bolmagynyñ özi hem belli bir ugurlar boýunça düsunjeleriñ bolandygyny añladýar. Hat-ýazuwyñ ýüze çykmagyna zerurlyk bolupdyr. Goñurdaky içki gala barylýan bas derwezäniñ öñünde 20-den gowrak tokin tapyldy, olar goñurlaryñ özlerine degisli. Hat-ýazuwyñ oýlanyp tapylmagyna getiräýjek zat bolupdyr, emma ol biziñ eýýamymyzdan öñ 1 müñýyllykda assiriýa ýörisi döwri assiriýa hat-ýazuwynyñ täsiri bilen bökdelipdir. Soñra sol asyryñ ortalarynda Margiana Ahemenidler döwletiniñ düzümine gosulan mahaly gadymy pars pahna ýazuwy bilen ol çalsyrylypdyr. Sungat we binagärçilik ýadygärlikleri bu ýerde ylym-medeniýetiñ bolandyrynyñ saýadydyr.