[go: up one dir, main page]

Mazmuna geçiň

Hunlar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Gunlar sahypasyndan gönükdirildi)

Merkezi Aziýada ýaşan,soňra bizin eramyzyň başynda II-IV asyrlarda Uralyň eteklerine göçüp gelip kuwwatly halka öwrülen Hunlar ençeme türki halklaryň, şol sanda türkmenleriň gönüden göni ata babalarydyr. Oguz hanyň hut Hunlaryň arasyndan çykanlygy, onun Gün han diyen oglunyň adynda olaryň etniki adynyň şöhlenenendigini (gün-G:un), tekeleriň togtamyş bölümindäki hunny diýen tiräniň adyna gün sözüniň saklanandygy hem muňa guwa geçýär. Munun üstüne hunlaryň harby-administratiwe düzgün-tertibiniň goşunyň ilki çep we sag ganata, öz gezeginde olaryň hem 3 - 4 den jemi 24 topara bölünmeginiň türkmen tire taýpa bölünişiginde üýtgewsiz gaýtalanýandygyny goşmak mümkindir. Hunlar ýatlanan döwürde gündogardan günbatara köpçülikleýin süýşüp ugraýarlar we taryhda halklaryň beýik göçe göçlügi diýip at-alan eýýamyň başyny başlaýarlar. Hunlar ilki Kawkazda ýaşaýan alanlary soňra Don derýasyndan geçip, 375-nji ýylda Gara deňziniň demirgazygynda ýaşaýan gotlary boýun egdirýärler. 394-395-nji ýyllarda hunlar Kawkazyň üstünden geçip Siriýany we Kapadokiýany tozdurýarlar, soňra olar Pannoniýda ornaşyp ençeme gezek Gündogar Roma imperiýasyna çozuşlar edyärler. Şol döwürde olar ost got, gerul, gepid, şeýlede ençeme german we gaýrygerman taýpalary özüne tabyn edip güýçli imperiýany döredyärler. Onun in kuwwatly döwri Attilanyň höküm süren ýyllaryna duşýar. (434-453) Hunlaryn basyp alan ýerlerine garşylygyň güýçlenmegi, Galliyanyň Kattalaun meydanynda romalylaryň, westgotlaryň we franklaryň birleşen güýçlerinden ýenilmegi netijesinde hunlar pese gaçýarlar. Atilla öleninden soň bolsa (453 ýyl) has gowşap 469-njy ýylda olar halk hökmünde ýaşamagyny bes edýärler. Hunlar - türki halk, onuň etnik ady hem gadymy türklerin il , halk manysyndaky (gün) Hun sözünden emele gelipdir. Bu sözüň şol manysy türkmenleriň il- gün diýen söz düzüminde saklanyp galypdyr.

Şejere (türkmenleriň şejere daragty) - Soltanşa Atanyýazow.