[go: up one dir, main page]

Mazmuna geçiň

Ärtogrul Gazy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

أرطغرل

Özünden öň: Süleýman şa

Özünden soň: Osman I

Doguldy: 1194/1198 Horasan (häzirki Günorta Türkmenistan) Merw

Öldi: 1291 Anadoly. Bursa, Bilejik.

Kakasy: Süleýman şa ýa‐da Gündiz Alp

Ejesi: Haýme hatyn

Aýaly: [[Halima hatyn|Halyma hatyn.

 Çagalary:Gündiz beg ,Sawçy beg, Osman beg                                           

Ärtogrul 1198-nji ýylda Horasanyň Merw şäherinde (Mary) dünýä indi. Onuň kakasy Süleýman şa, ejesi bolsa Haýme hatyn bolupdyr. Onuň Gündogdy we Sungurtekin atly uly doganlary bolupdyr. Ärtogrulyň aýaly Türkmen neberesinden bolan Halyma hatyndyr. Ärtogrul gazynyň 3 sany ogly bolupdyr: Sawçy beg, Osman beg, Gündiz beg. Ärtogrul Gazy XIII asyryň ortalarynda oguzlaryň Gaýa (Gaýy) taýpasynyň baştutany bolup, Osman Türkmenleriň begligini döreden Osman begiň kakasydyr. Çeşmeler Ärtogrul gazynyň asyl gelip çykyşy hakynda dürlüçe şejereleri düzüpdirler. Ýazyjyogly Alynyň «Seljuklaryň taryhy (Tewarihi Al-i Seljuk)» eserinde ol şeýle beýan edilýär: Gök alp 1.Ärtogrul 2. Dündar (Tündar) Ärtogrylyň bir ogly Osman. Enweriniň «Enweriniň Desturnamasy (Düstürnameýi Enweri)» atly eserinde bolsa şeýledir: Gazan一Mir Süleýman alp一Mälikşa一Gündiz alp 2. Gök alp. Gündiz alpdan bir ogul ady一 Ärtogrul beg一Osman. Şükrullanyň «Behjetut-tewarih» atly eserinde bolsa: Oguz一Gökalp一Gyzyl Buga一Gaýa alp一 Süleýmanşa一Ärtogrul一Osman. Hasan bin Mahmydyň «El-Baýatynin Jami Jem Aýn» atly eserinde bolsa şeýle: Gaýa Alp一Süleýman şa一Ärtogrul一1.Sawçy beg一2.Osman一3.Gündiz beg. Ruhy taryhynda beýan edilmegine görä Ärtogrul gazy we kakasynyň baştutanlygyndaky 340 adamlyk türkmen taýpasy, seljuklylar bilen birlikde Türküstany terk edip, Anadola gelip, Engurinyň (Ankara) ýakynyndaky Garajadag eteklerinde birnäçe öýli bolup ornaşýarlar. 1222-1230-njy ýyllar aralygynda, Iznik hökümdary Ýannis Watatzes III bilen Anadolydaky Seljukly soltany Alaýeddin Keýkubad arasynda Soltan Öýügi we Enguri töwereklerinde bolan söweşlerinden habardar bolan Ärtogrul gazy goşuna hyzmat etmek üçin söweşlere goşuldy. Şol uruşlarda Garajahysary gabady. Ony çäksiz hormat bilen garşylan Alaýeddin Keýkubat I, Ärtogrul gazyny goşunbaşy edip belledi. 1230-njy ýylda Horezmşalar bilen Ýassy Çemen söweşi we Mongollar bilen Kösedag söweşleriniň netijesinde Alaýeddin Keýkubat I bilen Ýannis Watatzes III aralarynda şertnama baglaşyldy. Soňra Alaýeddin Keýkubat Ärtogrul gaza we atasyna Söwüdi gyşlak üçin, Domaniçi bolsa ýaýlak etmekleri üçin berdi. Ärtogrul gazy bu ýerlerde ýörüş hereketlerini dowam edýärkä, Alaýeddin Keýkubadyň dünýeden ötmeginiň yz ýany Garajahysar elden giderilýär. Ärtogrul Seljuk soltany Alaýeddiniň ölümine çenli alty ýyllap serhet ýakalarynda uly üstünlikler gazandy. Soltan Alaýeddiniň ölüminden soňra tagt we täç bäsleşigine goşulman Söwüt we töweregindäki beglikleri birleşdirmegi dowam etdirdi. Ol 1281-nji ýa-da 1283-nji ýylda 92 ýa-da 96 ýaşynda Gaya (Gaýy) obasynda dünýeden ötdi. Ony şol ýerde jaýladylar.

Ärtogrul Gazy ýa-da Ärtogrul beg. Türkmenleriň gaýy tiresiniň begi. XIII asyryñ ortalarynda oguz türkmenleriniň gaýy boýuna beglik eden we Osmanly begliginiň düýbüni tutujy Osman begiň kakasy. Osmanly imperiýasynyñ binýadyny tutan şahsyýet. Taryhy çeşmelerde Ärtogrul Gazy hakynda aýdylýanlar biri-birinden tapawutlanýar. Anadoly Seljukly türkmen döwletiniñ Wizantiýa imperiýasynyñ çäklerindäki emirliklerindäki türki ilatyñ sany 1243-nji ýylda mongollar bilen bolan Kösedag söweşinden soňra artyp başlaýar. Bu göçüşler netijesinde Wizantiýa imperiýasynyň çäklerinde ikinji halka uç beglikleri gurulyp başlady. XIII asyryň ikinji ýarymynda bu beglikleriñ iň kuwwatlysy Kütahýa sebitinde höküm süren Germiýanogullary begligi 1300-nji ýyllara çenli günbatar Anadola ýörişler geçirip, üçünji halka uç beglikleriniň gurulmagyny üpjün etdi. Soltan Oyugy (häzirki Eskişehir) sebitinde Sögütde ýerleşen türkmen boýunyň başynda Ärtogrul Gazy bardy. Ärtogrul Gazynyň bu ýere haçan we nähili gelendigi barada anyk maglumatlar ýok hem-de dürli ylmy çaklamalar bar. Taryhy çeşmeleriň aýtmagyna görä, Ärtogrul Gazynyň ýa-da atalarynyň ýolbaşçylygyndaky 340 atly türkmen seljuklar bilen birlikde Türkistany terk edip, Anadola gelipdir we Engury (häzirki Ankara) sebitindäki Garajadagyň eteklerine ýerleşipdir. 1222-30-njy ýyllarda Iznik imperatory Ýannis Watatses bilen Anadoly Seljukly Soltany Alaýeddin Keýkubat I dagylaryň arasynda Soltan Oýugy we Engury sebitinde bolup geçen göreşlerden habarly bolan Ärtogrul Gazy seljukly goşunyna gulluk etmek üçin söweşlere gatnaşýar we Garajahysary gabawa almak üçin möhüm goşandyny goşýar. Muny hoşallyk bilen garşylan Soltan Alaýeddin Keýkubat Ärtogrul Gazyny göçegçileriň başy edip belleýär. 1230-njy ýylda Ýassyçemende Jelaleddin Meňburna garşy we mongollara garşy Kösedag söweşleri sebäpli Seljukly Soltany we Ýannis Watatses III bilen özara ýaraşyk baglaşyldy. Az wagtyň içinde Alaýeddin Keýkubat Ärtogrul Gaza Sögüti gyşlag, Domaniçi bolsa ýazlag ýeri edip berdi. Ärtogrul Gazy göç akynlaryna bu ýerden dowam edýärka, Soltan Alaýeddin Keýkubadyň aýrylmagy bilen Garajahysar ýene elden gidýär. Bu sebäpli, Ärtogrul Gazy ýerli tekfurlar bilen özara ylalaşyk ýoluny saýlap alýar. Aşykpaşazada bu ýokarda aýdylanlary gysgaldyp, bolup geçenleri Osman Begiň döwründe bolup geçen diýip hasap edýär. Başga bir rowaýata görä, Sürmeli Çukur (Araz derýasynyň jülgesi) ýa-da Engury sebitindäki Garajadagyň eteklerine ýerleşen Ärtogrul Gazy we tiresi bu ýerde birnäçe wagtlap galýar we Iznik imperatory Ýannis Watatses III garşy söweşmek üçin Alaýeddin Keýkubad I goşunynyň hataryna goşulýar. Emma mongol hüjümleri sebäpli, Alaýeddin Keýkubat paýtagty Konýa dolanýar we Ärtogrul Gaza Sögüti gyşlag, Domaniçi ýazlag edip berýär. Ogly Osman Gazy 1299-njy ýylda merkezi Sögüt bolan Osmanly begligini gurýar. Sögütde aradan çykan Ärtogrul Gazynyň ogly Osman Gazy tarapyndan gurdurylan kümmedi bardyr. 2014-nji ýyldan bäri Türkiýäniñ TRT-1 döwlet teleýaýlymynda her çarşenbe güni berilýän "Direliş: Ärtogrul" atly serialda Ärtogrul Gazynyñ roluny Engin Altan Düzýatan janlandyrýar. Ärtogrul Gazy barada ýazylan eserler:

1). Melek Akçiçek "Ärtogrul Gazy" (roman)

2). Şaban Çybyr "Dünýani ýagtyldan nur: Ärtogrul Gazy" (roman).

3).Mehmet Fatyh Oruç "Ärtogrulyň ojagynda oýandyk"

4). Çingiz Zengin "Ärtogrul Gazy: Gurulyş"

5). Ahmet Şimşirgil "Ärtogrulyň ojagy"

6). Tarkan Suçykar "Osmanlynyñ kökleri; Ärtogrul Gazy"

7). Mustafa Akgün "Taryhyň aýnasy: Ärtogrul Gazy"

[1-2-3-4-5-6] Ýynaljyk, Halyl, 2007; sf. 487-488-489-490-479.